Saglygy goraýşyň habarlar merkezi sagdynlygyň esasy şertlerini wagyz etdi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi türkmen milli metbugatynda Sagdynlygyň esasy şertlerini beýan etdi. Bu beýanda bellenilişi ýaly, sagdynlyk üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goraglylygyny üpjün edýär.

Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan çäklendirmeli. Iýmit rejesinde beloklar, ýaglar we uglewodlar 1:1:4 gatnaşykda bolmaly. Sebäbi ýaglar öýjük gurluşyna, deri örtüginiň saglygyna, käbir witaminleriň özleşmegine we iýmitden kanagatlanma duýgusynyň emele gelmegine ýardam berýär.

Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyny her bir adam, esasan hem öý bikeleri bilmelidirler. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, maňyzlaryň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.

Etiň düzümindäki we mesgedäki ýaglar doýgun ýaglardyr. Bulary iýmitde çäklendirmeli. Mesge ýaglaryny hünärmenleriň, ýagny berhiz lukmanlarynyň maslahat berýän kesgitli mukdarynda ulanmaly. Onuň üçin düzüminde ýag bolmadyk et böleklerini ulanmaly. Iýmitiň düzümine balyk hökman goşulmalydyr. Balyk belogyň, witaminleriň we omega-3 doýgun däl turşularyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir.

Önümler sowadyjyda ýerleşdirilmelidir. Öýde tagamlary ýygy-ýygydan, az mukdarda taýýarlamaly. Iýmit önümleriniň haçan öndürilendigi we saklanyş möhleti baradaky maglumatlary okamagy endik edinmeli. Günüň dowamynda azyndan 30 minut fiziki işjeň ýagdaýda bolmaga çalyşmaly.

Ответить