Samara alymlary ekin meýdanlarynda haşal otlary ýüze çykaryp biljek nerw ulgamyny oýlap tapdylar.

Samaranyň akademik Korolýowyň adyny göterýän milli derňew uniwersitetiniň hünärmenleri ekin meýdanlarynda haşal otlary ýüze çykaryp biljek nerw ulgamyny oýlap tapdylar.  Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Ösümliklere gözegçilik edýän enjam» atly makalada habar berilýär.

         Hünärmenler nerw ulgamynyň we daşky gurşaw gözegçiligini amala aşyrýan, adatdan daşary ýagdaýlary belleýän, tokaýlaryň hem-de ekinleriň ösüşine gözegçilik edýän, galyberse-de, toprakdaky çyglylygyň derejesini kesgitleýän enjamyň — giperspektrometriň mümkinçiliklerini bir ulgamda jemlediler. Şeýlelikde, haşal otlary ýokary takyklykda «görüp bilýän» tehnologiýa emele geldi. Giperspektrometr bu tehnologiýanyň takyk surata düşürmek mümkinçiligini üpjün etse, nerw ulgamy seljerme işlerini amala aşyrýar.

         Gipersektrometrden we nerw ulgamyndan ybarat ulgam ekinleri bejermek üçin niýetlenen pürküji bilen utgaşdyrylsa, himiki serişdeleriň ekilen ösümliklere täsir etmezden, diňe haşal ot-çöplere sepilmegini üpjün edýär. Bu bolsa ösümlikleri goramak üçin ulanylýan önümleri tygşytlamaga we öndürijiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ответить