Samarkandda geçirilen XIII «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») atly halkara festiwaly türkmen sungat ussatlary 1-nji orna mynasyp boldy

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde XIII «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») atly halkara festiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň 80-e golaý ýurdundan 300-den gowrak sungat ussady gatnaşdy. Festiwalda dürli halklaryň aýdym aýtmak, saz çalmak sungatynyň gadymy nusgalary görkezildi.

Bu dostluk festiwalynda biziň ýurdumyzdan gatnaşan topar tomaşaçylar tarapyndan örän gyzgyn garşylandy hem-de eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmen sungat ussatlarynyň çykyşynda aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew ýerine ýetirdi. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Amanmyradow we Omar Igamow, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow, şeýle-de konserwatoriýanyň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy sazandarlyk etdi.

«Şark taronalarinde» 1-nji orna mynasyp bolan ildeşlerimize TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary S.Raýew tarapyndan festiwalyň Diplomy, pul baýragy hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Gran-pri baýragyna Azerbaýjanyň «Semurg» ansambly, ikinji orna Gazagystanyň «Atameken» hem-de Özbegistanyň «Makom Band» toparlary, üçünji orna bolsa aýdymçylar: Ýaponiýa wekilçilik eden Maşu Kamazaki hem-de Mongoliýanyň Batbaýar Batnýam, şeýle-de Russiýanyň «Demirgazyk hor» aýdym-saz topary mynasyp boldy.

Bu şatlykly waka ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň halkara abraýyny ýene bir ýola belende göterdi.

Ответить