«Samruk Kazina» 111 milliard dollarlyk megataslamalary bilen Gazagystanyň ykdysadyýetini giň gerimde ösdürer

«Samruk Kazina»  milli gaznasynyň başlygy Nurlan Ýakypow  Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bolan duşuşygynda: «53,5 trillion teňňe (111,6 milliard ABŞ dollary) möçberindäki 130-dan gowrak taslamanyň maýa goýumyna eýeçilik edýän «Samruk Kazina»  milli gaznasynyň dürli möhüm pudaklarda megataslamalar arkaly Gazagystanyň ykdysadyýetine giň gerimde täsir etmegine garaşylýar» — diýip belledi. Bu barada «astanatimes.com» web saýty habar berdi.

Metbugat beýanatyna görä, «Samruk Kazina»  milli  gaznasy tarapyndan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmaly ykdysady pudaklaryna nebit-gaz, nebithimiýa, energiýa, logistika we magdançylyk ýaly pudaklar girýär.

Ýakupow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda esasy önümçilik görkezijileriniň garaşylýan derejede bolandygyny habar berdi. Gaznanyň girdejisi 7,9 trillion teňňe (16,4 milliard ABŞ dollar) bolup, meýilleşdirileninden 7 göterimden köpdür.

Gazna gönüden-göni daşary ýurt maýa goýumlary üçin hemaýatkär bolup, nebithimiýa, energiýa, ulag we logistika, inženerçilik we sanly senagat taslamalaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde maýa goýýar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew maýa goýumlaryny we jemgyýetçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek, gaznanyň işini has-da kämilleşdirmek babatda birnäçe wezipeleri kesgitledi.

Ответить