Saud Arabystan Patyşalygynda 500 milliard dollarlyk dag lyja toplumy gurulýar

Saud Arabystan Patyşalygyndaky çölüň ortasynda emeli köl we dag lyja toplumy döredilýär. Bu barada «808.media» neşri habar berdi.

500 milliard dollarlyk toplum Akaba aýlagynyň kenaryndan 50 km uzaklykda ýerleşýär, bu ýerde gyşda temperatura noldan aşak düşýär we beýleki möwsümlerde beýleki sebitlere garanyňda 10 °C sowuk bolýar.

Suw howdanynyň golaýynda kaşaň ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we restoranlar gurlar, daglarda lyja ýollary enjamlaşdyrylar.

Taslamanyň 2026-njy ýyla çenli tamamlanmagyna we 2029-njy ýylda bu ýerde Aziýa gyşky oýunlarynyň geçirilmegine garaşylýar.

Saud Arabystan Patyşalygy 2029-njy ýylda ilkinji gezek Aziýanyň gyşky olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Kambojada geçirilen Aziýa olimpiýa geňeşiniň mejlisinde bu barada habar berildi.

Gyşky olimpiýa oýunlary gyşda ortaça temperaturasy +22 gradus bolan ýurtda geçirilýär.

Italiýanyň «Webuild» gurluşyk kompaniýasy süýji suwly köl döretmek üçin üç sany bent gurýar, şeýle hem şertnama boýunça birnäçe innowasion işleri amala aşyrýar.

Gurluşyk işlerine 10000-den gowrak kişi, gönüden-göni işgärler we üçünji tarap guramalarynyň işgärleri gatnaşýarlar.

Ответить