Saud Arabystanynda birnäçe iri nebit we gaz ýatagy tapyldy

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylary ýurduň gündogarynda 7 sany uly nebit we gaz ýatagynyň tapylandygyny habar berdiler. Bu barada «Al Arabiya» neşiri, Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginiň beýanyna salgylanyp, habar berdi.

         Saud Arabystanynyň Gündogar welaýatynda «Boş kwartal»  diýlip atlandyrylýan ýerden  täze nebit we gaz ýataklary tapyldy. Bu çöllük ýer Ýemen, Oman we Birleşen Arap Emirlikleri bilen serhetde ýerleşýär.

         Saud Arabystanynyň energiýa ministri şazada Abdulaziz bin Salman Saud Arabystanynyň ätiýaçlyk gorlaryny ýurduň iň uly nebit magnaty – «Aramco» tarapyndan tapylandygyny aýtdy. Tapylan nebit-gaz kän gorlarynyň ikisi adaty däl nebit ýatagyndan, biri ýeňil arap nebit ammaryndan, ikisi tebigy gaz ýatagyndan, ikisi tebigy gaz howdanyndan ybarat.

         «Aramco»-nyň ýakyn wagtda täze tapyla nebit-gaz ýataklarynda işe başlamak üçin maliýeleşdiriş maksatnamasyny taýýarlajakdygy habar berildi. Nebit-gaz känleriniň kuwwatyny we ätiýaçlyk gorlaryny kesgitlemek üçin Boş kwartalda gözlegçiler topary iberildi.

         Maglumat üçin Saud Arabystany dünýädäki nebit gorlarynyň 17 göterimine eýeçilik edýär. Bu möçber ýurdy nebit-gaz känleriniň kuwwaty we ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde ikinji orna çykarýar. Saud Arabystany 2023-nji ýylda 121 milliard dollarlyk nebit eksport etdi. 2022-nji ýylda bu möçber 161 milliard dollara barabar boldy. Nebit we gaýtadan işleýän senagat, ýurduň ykdysadyýetiniň aýry-aýry pudaklarydyr.

Ответить