Semizligiň we artykmaç agramyň öňüni almaga degişli lukman maslahaty

Häzirki wagtda bütin dünýäde semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Görk — agyzdan…» atly makalada habar berilýär.

         Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan çäklendirmeli. Iýmit rejesinde beloklar, ýaglar we uglewodlar 1: 1:4 gatnaşykda bolmaly. Sebäbi ýaglar öýjük gurluşyna, deri örtüginiň saglygyna, käbir witaminleriň özleşmegine we iýmitden kanagatlanma duýgusynyň emele gelmegine ýardam berýärler.

         Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyny her bir adam, esasan hem öý bikeleri bilmelidirler. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, maňyzlaryň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.

         Etiň düzümindäki we mesgedäki ýaglar doýgun ýaglardyr. Bulary iýmitde çäklendirmeli. Mesge ýaglaryny hünärmenleriň, ýagny berhiz lukmanlarynyň maslahat berýän kesgitli mukdarynda ulanmaly. Onuň üçin düzüminde ýag bolmadyk et böleklerini peýdalanmaly. Iýmitiň düzümine balyk hökman goşulmalydyr. Balyk belogyň, witaminleriň we omega-3 doýgun däl turşularyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir.

         Önümler sowadyjy enjamda ýerleşdirilmelidir. Öýde tagamlary ýygy-ýygydan, az mukdarda taýýarlamaly. Iýmit önümleriniň haçan öndürilendigi we saklanyş möhleti baradaky maglumatlary okamagy endik edinmeli. Günüň dowamynda azyndan 30 minut fiziki işjeň ýagdaýda bolmaga çalyşmaly.

         Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär.

Ответить