Şenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi  1 822 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi  1 822 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Şenbe güni, 31-nji awgustda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 822 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Ответить