Şenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 16 509 420,05 manada we 812 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 16 509 420,05 manada we 812 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi web saýtynda habar berildi.

Şenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan hem-de Gazagystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden “PS 500-GO-K” portlandsement satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny hem-de “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginden Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 509 420,05 manada we 812 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Ответить