Sişenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 5 014 466,82 manada we 1 022 591,53 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 5 014 466,82 manada we 1 022 591,53 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

2024-nji ýylyň 20-nji awgustda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 014 466,82 manada we 1 022 591,53 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Ответить