Sogan – ynsan üçin ýokumly we sagaldyjy iýmit

Sogan ynsan üçin ýokumly we sagaldyjy iýmit hökmünde bellidir. Onda dürli fermentler, kaliý duzy, şeker, fosfor, limon we alma turşulygy, A, B1, B2, PP, С witaminleri, ysy, ajysy bilen gözüň nemli bardasyny gyjyndyrýan efir ýagy bar. Ol işdäňi açýar, iýlen iýmitiň oňat siňmegi üçin suwuklyk bölünip çykyşyny güýçlendirýär.

Sogan ýiti respirator, sowuklama keselleriniň öňüni alýar, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Onuň düzümindäki fitonsidler mikroblara, wiruslara, bakteriýalara garşy göreşmek häsiýetli, aşgazaniçege ýollarynyň kesellerinde, garamükürde (singada), anginada (basyk), bronhitlerde we gurçuk kesellerinde täsirini ýetirýär, ganbasyşy kadalaşdyrýar.

Sogany ary baly bilen garyp ýada süýtde gaýnadyp, üsgülewükde, burun dykylmada, sowuklamada, öt çykaryjy ýollaryň näsazlyklarynda peýdalanylýar. Şeýlede, bu melhem çybanlara, dömme çykuwlara, ýanyga, açyk ýaralara ýapylýar.

Soganyň peti ýokary dem alyş ýollarynyň, ýürekdamar ulgamynyň näsazlyklarynda, göz kesellerinde ulanylýar. Gök soganyň düzüminde witaminler, fitonsidler düýp sogandakydan hem köpdür. Ýaş düýp sogan bedendäki içki alyşçalşa itergi berýär, zäherleýji maddalary çykarýar.

Ter sogany iýmit siňdiriş agzalarynyň bozulmasynda, bagyr, böwrek kesellerinde köp iýmek maslahat berilmeýär.

Sogan derini terleşdirýär, rahatlandyrýar, goranyjylyk ukybyny berkidýär. Deride dörän tegmile gyrgyçdan geçirilen sogan ary baly bilen garylyp ýapylýar. Deri sowuklanda, soýlanda, gyrlan çig sogan un bilen desdeň möçberde garylyp, ýüze ýapylýar.

Sogandan edilen ýapgylar derini iýmitlendirýär, terlendirýär, ýygyrtlary ýazýar. Deriniň näzik bolmagy üçin eller her gün sogan petine batyrylýar we soňundan, dyrnaklar owranmaz ýaly, barmaklaryň uçlaryna limon şiresi çalynýar.

Sogan saçyň owadan öwüşginli, ýumşak, gür bolmagyna peýda edýär. Saçyň düýplerini berkidýär. Şonuň üçin ol görklendiriji (kosmetiki) serişde hökmünde hem üstünlikli ulanylýar.

Saç tarlary inçe, gowşak bolanda, 1 çaý çemçesi möçberinde sogan şiresini, baly, ýumurtganyň sarysyny garyp kellä ýapgy edip, ýyly ýaglyk bilen daňmalydyr we bir sagatdan soň, ýapgyny ýuwup aýyrmalydyr.

Saç köp düşende, sogany ownuk dograp, kelläniň derisine owkalap çalmalydyr. Kelläni ýyly ýaglyk bilen daňmalydyr. Bu ýapgy hem saçyň ir agarmagynyň öňüni alýar. Bejergini ýylda 3 gezekden, her gezekde 2 aýyň dowamynda geçirmek maslahat berilýär.

Sogan, onuň şiresi ulanylandan soň, limon (sitrus miweleriň) şiresi ýada limon şiresi goşulan suw bilen derini süpürmelidir. Ol soganyň ysyny aýyrýar.

Soganyň dişleriň berk bolmagyna hemde diş etiniň keselleriniň öňüni almaga peýdasy uludyr.

Ответить