Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

Şu gün – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Mähri Bäşimowa diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň we YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýetini bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň we Somaliniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegini goldadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň döredilmeginiň möhümdigini bellediler.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Ответить