Soň­ky ýyl­lar­da «Mer­ke­zi Azi­ýa+» for­ma­tyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma­lar bar­ha art­ýar

Soň­ky ýyl­lar­da «Mer­ke­zi Azi­ýa+» for­ma­tyn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga gy­zyk­lan­ma­lar bar­ha art­ýar. Şu ýyl bol­sa il­kin­ji ge­zek şeý­le gör­nüş­de işe girizilen «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýa­po­ni­ýa» dia­lo­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne 20 ýyl dol­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, aw­gust aýyn­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­tyn­da de­giş­li for­mat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mi­tiň ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Oňa taý­ýar­lyk gör­me­giň me­se­le­le­ri Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ý.Ka­mi­ka­wa­nyň To­kio­da akk­re­di­tir­le­nen Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­le­ri bi­len bo­lan du­şu­şy­gyn­da hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu barada ­Türkmenistan gazetiniň şu günki – 25-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen «Gün ter­ti­bin­de — ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­ga taý­ýar­lyk» atly makalada habar berildi.

         Du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne As­ta­na sam­mi­ti­niň gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Ta­rap­lar Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, sam­mi­tiň al­ty­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­ga taý­ýar­lyk me­se­le­le­ri düýn «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýa­po­ni­ýa» dia­lo­gy­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri­niň wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň hem esa­sy­ny düz­di.

Ответить