«Startup Air Company»  CO2-den uçar ýangyç öndürmek üçin 65 million dollarlyk şertnama baglaşdy

Amerikanyň arassa uçar ýangyjyny öndürmekde ýöriteleşdirilen «Startup Air Company» atly hususy kärhanasy Pentagon kompaniýasy bilen howadan alynýan CO2-den ýangyç öndürmek üçin 65 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu barada «newsrobotics.ru» neşiri habar berdi

Awiakompaniýa tarapyndan berlen maglumata görä, ýangyç katalizatorynyň we Fişer-Trops usulynyň kömegi bilen kömürturşy gazynyň (CO) we wodorod H2-iň dürli suwuk uglewodorodlara himiki öwrülişik reaksiýalary esasynda öndüriler. Bu ýagdaýda ýangyç spirtlerine we parafine öwrüler. Arassalanylandan soň bu komponentler aýrylýar, ondan soňra olar, mysal üçin, arak, atyr we dezinfeksiýa önümlerinde ulanylyp bilner.

Şu wagta çenli kompaniýanyň ekologiýa taýdan arassa täze ýangyç öndürmek ukyby CO2-iň global derejesine täsir edip bilmez. Şeýle-de bolsa, «Startup Air Company» hususy kärhanasynyň baş direktory Gregori Konstantiniň sözlerine görä, eger beýleki uçar ýangyç öndürijileri onuň uglerod başlangyjyna goşulsalar, CO2 zyňyndylarynyň örän ýakyn wagtda 10 göterim azalmagy mümkin.

Ответить