Şu gün – 12-nji awgust Hazar deňziniň güni

 Şu gün – 12-nji awgust Hazar deňziniň günüdir.  

2003-nji ýylyň noýabrynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly konwensiýa, ýagny Tähran Konwensiýasyna gol çekildi. Ol 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün Hazarýaka döwletlerde her ýyl Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Bu senäniň deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerinde, ekoulgamy gorap saklamakda ähmiýeti uludyr.

Hazar deňziniň meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, iň çuň ýeri 1025 metre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 7000 kilometre ýetýär. Demirgazykdan günorta 1200 kilometr uzap gidip, ortaça ini 320 kilometre barabar. Oňa 130-dan gowrak derýa guýýar. Çäginde ululy-kiçili adalaryň 50-ä golaýy bar. Deňziň biodürlüligi we janly-jandarlaryň özboluşlylygy, köpüsiniň bolsa diňe şu ýerlerde duşýandygy aýratyn bellärliklidir. Bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi şu ýerde jemlenendir. Guşlaryň 300-den gowrak görnüşi gabat gelýär. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň we süýrenijileriň köp görnüşi bar. Bu sebitde başga hiç ýerde duş gelmeýän Hazar düwleni-de ýaşaýar.

Deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsi täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşiniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzi boýunça diňe Hazarda duşýar. Suwotularyň 450-den gowrak görnüşi, suwuň dürli gatlaklarynda ýüzüp ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň 400-e golaý görnüşi mesgen tutupdyr. Bu deňiz balykçylygyň ösen ýeri hökmünde-de meşhurdyr. Onda gyzylbalyklaryň dünýäde iň uly tebigy sürüsi ýaşaýar.

Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş zolagy bolman, daşky gurşawyň gözelligini goramakda, baýlygyny artdyrmakda we amatly daşky gurşawa oňyn täsir etmekde-de uly ähmiýete eýedir.

Kenarýakada ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasy biodürlülige baýdyr. Goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi köpdürlüligi bilen täsir galdyrýar. Bu ýerde ösümlikleriň 419 görnüşi ösýär. Olaryň 5-si Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Saý suwly deňiz aýlaglarynda suwotularyň 41 görnüşi duşýar. Olar leňňeçşekilliler, suw guşlary we käbir balyklar üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Oňurgaly haýwanlaryň iň köp sanlysy guşlardyr. Şu güne çenli olaryň 300-den gowrak görnüşi hasaba alyndy, birnäçesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Her ýyl deňziň çäklerine dürli guşlar uçup gelýär. Olaryň köpüsi bol iýmitli ajaýyp kenarlarda, aýlaglarda, adalarda gyşlamaga galýar.

Hazar deňziniň güni mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda her ýylyň 12-nji awgustynda deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary bilen baglanyşykly sergiler we çäreler geçirilýär. Bu dabaralara ildeşlerimiz bilen birlikde, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar.

Ответить