Şu gün «Magtymguly Pyragy – agzybirlik, döwletlilik, ynsanperwerlik» atly onlaýn maslahaty geçirildi

Şu gün – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýat hem-de Aşgabat, Arkadag şäher häkimlikleri, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasybilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – agzybirlik, döwletlilik, ynsanperwerlik» atly onlaýn maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi web sahypasynda habar berildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we halkara tejribesine, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyna, medeni diplomatiýasyna, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna,  şeýle hem adamzat medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ahlaklylygyň we watançylygyň çeşmesi, ýaş nesli terbiýelemekde deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolup durýan eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn bellediler. Şahyryň goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, adalatlylyga çagyrýandygy nygtaldy.

Magtymguly Pyragynyň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny, akyldar şahyryň döredijiliginiň häzirki wagtda hem halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi çykyşlarda bellenildi. 

Ýurdumyzda akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler, baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga, onuň danalyk çeşmesinden gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli garaýyşlarynyň çuňlugyny we ylym üçin häzire çenli gözýetmezligini açyp görkezmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlarda ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, ýylyň bütin dowamynda Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy akyldar şahyryň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, tutuş adamzadyň guwanjyna öwrülendigini hem-de şöhratynyň has-da dünýä dolýandygyny tassyklaýar. 

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda guralýan giň gerimli çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde ynsanperwer pikirleri, öňdengörüjilikli maksatnamalary bilen ruhlanan ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda täze eýýamyň gazananlaryna we ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň nurana geljegine bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi milli mirasymyzy, medeniýetimizi, taryhy şahslarymyzy sarpalamagyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ответить