Şu gün «Ýuwaş umman adalary» forumynyň 53-nji mejlisi öz işine başlady

Awstraliýa we Täze Zelandiýa ýaly ummandaky 18 döwlet we sebitiň ýolbaşçylary şu gün – 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda «Ýuwaş umman adalary» forumynyň 53-nji mejlisine gatnaşmak üçin Tonga patyşalygyna geldiler.

«Report» informasiýa agentligi CGTN-niň täzeliklerine salgylanyp, şu ýyl ýygnaga Tonga patyşalygynyň Premýer-ministri Sawaleni Siaosiniň ýolbaşçylyk edýändigini habar berdi.

Bu çärä BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş hem gatnaşýar. Ol mejlisiň açylyş dabarasynda çykyş edip, oňa gatnaşyjylara deňiz sebitlerini abadanlaşdyrmak we goramak, şeýle hem global howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Ýuwaş umman adalary» forumyna gatnaşyjylar 2050-nji ýyla çenli kabul edilen «Gök Ýuwaş umman yklymynyň ähli halklarynyň umumy abadançylygyny gazanmak strategiýany» ýerine ýetirýärler.

Bu forum Umman ýurtlary bilen sebitleriniň arasynda ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk üçin döredildi. Guramanyň agzalary Awstraliýa, Kuk adalary, Fiji, Wanuatu, Mikroneziýa, Fransiýa Polineziýa, Nauru, Täze Kaledoniýa, Täze Zelandiýa, Niue, Palau, Papua Täze Gwineýa, Samoa, Süleýman adalary, Tonga patyşalygy, Tuwalu, Kiribati , Marşal adalary, kömekçi agza – Tokelau.

Ответить