Täjigistan bilen Eýranyň arasynda wizasyz düzgün ýola goýulýar

2024-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap Täjigistan Respublikasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda gol çekilen daşary ýurt pasportlaryna eýeleri üçin wiza düzgünini ýatyrmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama güýje girýär. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Bu özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda, iki tarapyň umumy daşary ýurt pasportlarynyň eýeleri myhman bolan ýurdunyň çägine öz isleglerine görä 30 gün möhlete çenli ýa-da 90 gün möhlete çenli wizasyz girip-çykmak mümkinçiligine eýe boldular.

Wizasyz düzgüniň  durmuşa geçirilmeginiň birinji tapgyrynda diňe Duşanbe-Tähran we Tähran-Duşanbe uçar gatnawlaryndan peýdalanýanlar bu mümkinçilikler elýeterlidir.

Ответить