Täjigistan  GDA ýurtlary bilen söwda dolanşygynda töleg serişdesi hökmünde rubl ulanýar

Täjigistan  GDA ýurtlary bilen söwda dolanşygynda töleg serişdesi hökmünde rubl ulanýar. Bu barada «aniq.uz» web saýtynda habar berildi.

Täjigistan Respublikasynyň Milli bankyň başlygy Firdaws Talibzada: «2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň bilen GDA ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda dolanşygynda töleg serişdesi hökmünde rubl ulanyldy»  – diýip belledi.

Täjigistanyň Statistika baradaky döwlet gullugynyň resmi web sahypasynda bolsa: «Soňky döwürde Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ABŞ-nyň dollarynda hasaplaşyklaryň mukdaryny azaltmak başlangyjy ýüze çykdy. Geçen ýyl Garaşsyz döwletler arkalaşygy ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygynda töleg serişdesiniň 60 göterimi dollar bolan bolsa, şu ýylyň birinji ýarymynda tersine, tölegleriň takmynan 60 göterimi rus rubllarynda, diňe 36 göterimi ABŞ dollarynda amala aşyryldy» – diýlip bellenilýär.

Ответить