Täjigistan Respublikasy Hytaý kompaniýalary bilen bilelikde elektrik awtoulaglary öndürer

Täjigistan Respublikasy Hytaý kompaniýalary bilen bilelikde elektrik awtoulaglary öndürer. Bu iş «Täjigistan Respublikasynda 2023 – 2028-nji ýyllarda elektrik awtoulaglaryna geçmekligi ösdürmek maksatnamasynyň» çäginde meýilleşdirilýär.

Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrligi, ýurduň elektrik ulaglarynyň importyny artdyrýandygyny we hytaýly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda öz önümçiligini döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada «inbusiness.kz» web saýty Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň resmi web sahypasynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Täjigistan Respublikasynyň Gümrük gullugynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, ýurtda 2023-nji ýylda umumy bahasy 59 million dollar bolan 3 müň 316 sany elektrik awtoulagy import edilipdir. Diňe şu ýylyň ilkinji 6 aýynda bolsa umumy bahasy 76,4 million dollar bolan 5 müň 266 sany elektrik awtoulagy import edildi. Bu görkeziji hem import edilýän awtoulaglaryň umumy sanynyň 26,7 göterimini (19,7 müňden gowrak) düzýär.

Täjigistan Respublikasynyň hökümeti 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurduň Ulag ministrligi tarapyndan teklip edilen  «Täjigistan Respublikasynda 2023 – 2028-nji ýyllarda elektrik awtoulaglaryna geçmekligi ösdürmek maksatnamasyny» tassyklady. Bu maksatnama ýurtda elektrik ulaglaryny, olaryň düzüm böleklerini öndürmek hem-de ony elektrik energiýasy bilen üpjün etmek we tehniki hyzmat etmek, batareýany gaýtadan işlemek tehnologiýasyny ösdürmek babatda infrastrukturany gurmak üçin esas döretmegi göz öňünde tutýar.

«Täjigistan Respublikasynda 2023 – 2028-nji ýyllarda elektrik awtoulaglaryna geçmekligi ösdürmek maksatnamasyny» durmuşa geçirmekligiň umumy bahasy  228 million 916 müň somoni. Bu taslama üçin ýurduň býujet gaznalaryndan 1 million 390 müň somoni,  ykdysady hyzmatdaşlaryň hasabyna 6 million 156 müň somoni, hususy pudaklaryň hasabyna 221 million 370 müň somoni maliýeleşdiriler.

Ответить