Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy 30 göterim ýokarlandy

Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy 30 göterim ýokarlandy. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky №30 (1337) sanynyň 8-nji sahypasynda neşir edilen makalada habar berildi.

         2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy 4,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30 göterim ýokarydyr. Hususan-da, ýurduň eksporty 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak, importy bolsa 3,4 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Hasabat döwründe Täjigistan dünýäniň 106 döwleti bilen söwda amallaryny amala aşyrypdyr. Ýurduň esasy daşary söwda hyzmatdaşlary bolsa Russiýa Federasiýasy, Hytaý, Gazagystan hem-de Şweýsariýa bolupdyr.

Ответить