Talyplar we mekdep okuwçylary üçin niýetlenilen «Şir deri» haryt nyşanly torbalar – mekdep bazarlarynyň geçginli önümi

Talyplar we mekdep okuwçylary üçin niýetlenilen «Şir deri» haryt nyşanly torbalar mekdep bazarlarynyň iň geçginli önümi hasaplanylýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky №33 (727) sanynyň «Importyň ornuny tutýan önümlerimiz» diýlip atlandyrylan 5-nji sahypasynda çap edilen ««Şir deri» haryt nyşany bilen» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Guwançmyrat Durdyýewiň Mary şäherinde ýerleşýän kärhanasynda «Şir deri» haryt nyşany bilen gön önümleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Döwrüň iň soňky talaplaryna laýyk gelýän, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada  buýurmalar esasynda taýýar deriden zenan torbalary, gapjyklar, talyplar we mekdep okuwçylary üçin torbalar öndürilýär.

Häzirki wagtda ýigrimiden gowrak işçi-hünärmeni jemleýän kärhanada torba önümçiliginden başga-da, deriden aýakgaplaryň ýüzlerçe jübüdi öndürilýär. Önümçilikde esasy çig mal hökmünde ýerli gön önümleri ulanylýar.

Deriden taýýarlanýan aýakgaplaryň berkligi bilen birlikde, daşky görnüşiniň gelşikli, döwrebap bolmagyna hem aýratyn üns berilýär. Bu ýerde rahat we oňaýly aýakgaplaryň dürli görnüşleri bolup, olar bäş ýaşly çagalardan başlap, uly ýaşly adamlar üçin niýetlenendir. Pasla görä, dürli biçüwdäki, ölçegdäki, reňkdäki gön önümlerine, hususan-da, tomusky aýakgaplara uly isleg bildirilýär.

Ответить