Taýland syýahatçylar üçin wiza talaplarynyň ýatyrylan ýurtlaryň sanawyny 57-den 93-e çenli artdyrdy

Taýland syýahatçylar üçin wiza talaplarynyň ýatyrylan ýurtlaryň sanawyny 57-den 93-e çenli artdyrdy. Bu barada «ТАСС» habar berdi.

            Habar maglumatlaryna görä, Taýlandyň Hökümeti birnäçe ýurtdan gelýän syýahatçylar üçin wiza talaplaryny ýatyrmak babatda karara geldi. Bu başlangyç ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň bir bölegidir. Taýlandyň Hökümetiniň wekili Çaý Waçaronyň aýtmagyna görä, indi raýatlary Taýlanda wizasyz girip bilýän ýurtlaryň sanawy 57-den 93-e çenli artdyryldy. Bu sanawa täze goşulan 36 ýurduň arasynda Hindistanyň, Kambojanyň, Laosyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň hem ady bar.

            Sanawa giren ýurtlaryň raýatlary üçin Taýlandda wizasyz galmagyň möhleti 30 günden 60 güne çenli uzaldylýar. Şeýle-de 31 ýurduň raýatlary wizany Taýlanda gelenlerinden soňra alyp bilerler.

            Taýlandyň Hökümeti soňky özgertmeleriň netijesinde wiza töleglerinden gelýän girdejiniň, takmynan, 12,3 milliard baht (335 million amerikan dollary) möçberinde azaljakdygyny çaklaýar. Şeýle-de bolsa, syýahatçylyk pudagyndan gelýän girdejileriň köpelmegi arkaly bu ýitgileriň öwezi dolunar.

Ответить