Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda blogçy Logan Pol bilen söweşer.

Boks boýunça agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda meşhur YouTube blogçysy Logan Pol bilen duşuşar. Bu barada Drama Alert portalyna salgylanyp, karate.ru habar berdi.Maýk professional boksda 50 ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi.

Logan Pol barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda sportçynyň hasabynda professional boks boýunça bary-ýogy 1 söweş bar.  2019-njy ýylyň noýabr aýynda Logan eminleriň karary bilen blogçy KSI-den ýeňildi. Pol şu ýylyň 7-nji iýun gijesinde Maýamide bäş agram kategoriýasynda boks boýunça öňki dünýä çempiony Floýd Maýwezer bilen görkezme söweşini geçirdi. Bu söweş doly 8 raund dowam etdi we deňme-deň tamamlandy.

Ответить