TDHÇMB-niň geçen hepdedäki geleşikleriniň jemi bahasy 60 million 939 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki geleşikleriniň jemi bahasy 60 million 939 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Biznes Reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky №34 (1341) belgili sanynyň 2-nji sahypasynda çap edilen «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Omandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, şeýlede «Türkmenhimiýa»döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy,

«B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri-de satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 60 million 939müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 125 müň manatlyk bolan nebit bitumyny we gurluşyk önümlerini satyn aldylar.

Ответить