TDHÇMB-niň geçen hepdedäki söwda geleşikleriniň jemi bahasy 5 million 110 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-niň geçen hepdedäki söwda geleşikleriniň jemi bahasy 5 million 110 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Biznes Reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (1343) belgili sanynyň 2-nji sahypasynda çap edilen «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 15 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 110 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 364 müň 600 manatlykdan gowrak bolan polipropileni, dokma önümlerini, türkmen el halylaryny we gurluşyk harytlaryny satyn aldylar.

Ответить