Telegramy esaslandyryjy Pawel Durow ilkinji gezek bütindünýä milliarderleriniň sanawyna goşuldy

Telegramy esaslandyryjy Pawel Durow ilkinji gezek «Bloomberg Billionaires Index» (BBI) atly bütindünýä milliarderleriniň sanawyna goşuldy. Bu barada «Bloomberg» habar berdi.

Pawel Durow 9,15 milliard dollar baýlygy bilen bütindünýä milliarderleriniň sanawyna 279-njy orny, ruslaryň arasynda bolsa 17-nji orny eýeledi.

BBI maglumatlaryna görä, Ilon Musk 241 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar. Jeff Bezos 207 milliard dollar baýlygy bilen, Bernard Arnault bolsa 182 milliard dollar baýlygy bilen ondan soňky orny eýeleýär.

Meta korporasiýasynyň baş direktory Mark Sukerberg 177 milliard dollar baýlygy bilen dördünji orny eýeledi. Bill Geýts bolsa 157 milliard dollar baýlygy bilen dünýäde bäşinji baý adam bolup durýar.

Bütindünýä milliarderleriniň sanawynda görkezilen gazagystanlylaryň arasynda Wladimir Kim hem bar. Ol 7,47 milliard dollar baýlygy bilen 374-nji orny eýeläpdir, geçen ýyl bolsa bu işewür 311 million dollar gazanypdyr. Sanawda  Gazagystanyň ýene bir işewüri Wýaçeslaw Kim 6,71 milliard dollar baýlygy bilen 420-nji orny eýeleýär.

«Bloomberg Billionaires Index» (BBI) atly bütindünýä milliarderleriniň sanawy dünýäniň iň baý 500 adamynyň gündelik sanawydyr. Maglumatlar Nýu-Ýorkdaky her söwda gününiň ahyrynda täzelenýär.

Ответить