Tesla kompaniýasy 1,85 million sany awtoulagyny yzyna almaly boldy

Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda kapot gapaklary bilen baglanyşykly kemçilikler sebäpli elektrik awtoulaglaryny yzyna almaga mejbur boldy. Bu barada  «Ars Technica» neşiri habar berdi.

         Tesla kompaniýasy soňky dört ýylda öndürilen «3», «S», «X» we «Y» modelleriniň 1,85 million birligini satanyna bir aý bolmanka yzyna almaly.

         Kemçilik ilkinji gezek mart aýynda hytaýly Tesla kompaniýasynyň eýeleriniň kapoty ýapanyňdan soň, öz-özünden açylýandygy baradaky şikaýatyndan soň ýüze çykdy.

         Derňew wagtynda bu meseläniň kapot gulp düwmesiniň deformasiýasy bilen baglanyşyklydygy anyklandy. Bu bolsa öz gezeginde müşderileriň kapotyň açykdygy barada habarnamalary almagyna päsgel berýär.

         Kemçiligiň kapot gapagy bilen baglanyşyklydygyna garamazdan, programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen çözülip bilinjekdigi görkezildi.

Ответить