Toyota 2022-nji ýylyň Corolla Cross krossowerini çykardy

Corolla Cross krossoweri 2022

Toyota ABŞ-nyň bazarynda täze 2022-nji ýylyň Corolla Cross krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada procrossover.ru habar berdi.

Toyota mundan birnäçe hepde öň 50 million Corolla awtoulagynyň önümçilik rekordyny goýdy we bu meşhur segmentde onuň gerimini giňeltmek kararyna geldi. Corolla sedany ýaly TNGA-C platformasyna esaslanan 2022-nji ýylyň Toyota Corolla Cross awtoulagy öň tigirleri çekýän we doly çekişli görnüşlerde çykaryldy.

Awtoulagyň L baza toplumynda 7 dýuýmlyk multimediýa ekrany, yzky howa deşikleri, açarsyz giriş, LED faralar we çyralar hem-de iki sany USB porty bar. «LE» wersiýasynda simsiz zarýad bermek, ýeňil erginde ýasalan 17 dýuýmlyk diskalar, deriden rul we gyzdyryp bolýan gapdal aýnalary bar. «XLE» baza toplumy bolsa 18 dýuýmlyk tigir, 10 ýagdaýly kuwwatly sürüjiniň oturgyjy we iki zolakly klimat-kontrol goşulýar.

Başgada okaň: Samsung Galaxy telefonynyň / planşetiniň orginaldygyny nädip kesgitlemeli?

Maşynda nädip dogry oturmaly

Производитель смартфонов Huawei представил свой первый автомобиль

Ответить