Toyota kompaniýasy özüniň Camry awtoulagynyň 2022-nji ýylynyň modelini täzeledi

Toyota kompaniýasy özüniň Camry awtoulagynyň 2022-nji ýylynyň modelini täzeledi

Häzirki wagtda sedanlaryň satuwynyň pese gaçmagyna garamazdan, Camry awtoulaglaryna bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem täze model ýylynda Toyota şonsuzam ýaňy-ýakynda täzelenen awtoulaga kän bir üýtgeşme girizmedi. Onda esasy täzelik uzagy ýagtyldýan çyrany awtomatiki işledýän we ýol belgilerini tanap bilýän “Toyota Safety Sense 2.5+” täze işjeň howpsuzlyk bukjasy bolup durýar.
Toyota Camry-de uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy indi “Traffic Sign Recognition” bilen işleýär, şonuň üçin awtoulag indi tizlik çägini özbaşdak saklamagy başarýar. Yzky oturgyçdaky ýolagçy baradaky ýatlatma hem, edil iki zolakly klimat-kontrol ýaly, täzelenmäniň öz komplektasiýasyna girýär. Multimedia ulgamynyň ekrany ýedi ýa-da dokuz dýuým bolup biler.

Ответить