«Toyota»kompaniýasynyň  «Century GRMN» modeli Ýaponiýa bilen Hytaýda satuwa çykarylar

«Toyota» kompaniýasynyň  «Century GRMN» modeli Ýaponiýa bilen Hytaýda satuwa çykarylar. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň 2024-nji ýylda neşir edilen №35 (6269) sanynyň 4-nji sahypasynda habar berildi.

«Toyota»kompaniýasy «Century GRMN» atly flagman awtoulagyny köpçülikleýin öndürip başlady. Bu ulag öň ýeke-täk nusgada kompaniýanyň başlygy Akio Toýoda üçin öndürilipdir. «Century GRMN» diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, Hytaýda hem satuwa çykarylar.

 Flagman ulagyň uglerod süýüminden taýýarlanan materiallary, gapylary gapdal açylýan we 22 dýuýmlyk tigirleri bilen tapawutlanýar. Awtoulagyň adaty görnüşi 406 at güýçli 3,5 litrlik V6 gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Century GRMN» modeli «Aston Martin DBX707», «Lamborghini Urus» we «Mersedes-AMG G63» ýaly modeller bilen bäsleşer diýlip garaşylýar.

Ответить