Türkiýe – Azerbaýjan – Türkmenistan işewürlik forumynyň 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýär

Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrligi bilen Daşary ykdysady aragatnaşyklary edarasynyň guramaçylygynda Türkiýe – Azerbaýjan – Türkmenistan işewürlik forumynyň 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklary (DEIK) edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Maglumatlara görä, Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolatyň, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň gatnaşmagynda geçiriljek bu   işewürlik forumynda 3 ýurduň hususy pudagynyň wekilleri bilen üçtaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada netijeli pikir alyşmalar bolar.

Ответить