Türkiye Şweýsariýadan 170,1 million dollarlyk sagat import etdi

Türkiýäniň Şweýsariýada öndürilen sagatlara bolan islegi günsaýyn artýar. Şweýsariýanyň Sagat senagaty federasiýasynyň (Fédération de l’industrie horlogère suisse) resmi web sahypasyndaky maglumata görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkiýe 170,1 million dollarlyk sagat import etdi.

2024-nji ýylyň geçen 7 aýynda Türkiýe Şweýsariýadan sagat import etmeklikde Katar, Kanada, Awstriýa, Irlandiýa, Kuweýt, Belgiýa we Bahreýn ýaly ilaty az, emma adam başyna düşýän milli girdejisi has ýokary bolan döwletlerden-de öňe geçdi.

Türkiýäniň sagat islegini kagatlandyrýan Şweýsariýanyň sagat senagaty 2024-nji ýylda durgunlyk ýagdaýyny başdan geçirýän ýaly görünýär. Sagat eksporty şu ýylyň ilkinji 7 aýynda 15 milliard 159 million Şweýsariýa frankyna ýeten bu pudak, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,4 göterim az girdeji gazandy.

Ýöne, muňa garamazdan, Şweýsariýa henizem sagat eksporty boýunça dünýäde birinji ýerde durýar. 2023-nji ýylda 16,9 million sagat eksport etmek bilen, Şweýsariýa öndürijileri 25,5 milliard frank (30 milliard dollar) girdeji gazandy. Şeýlelikde, pudagyň sagatda ortaça eksport bahasy 1775 dollar boldy. (Şweýsariýa sagatlary soňky satyjynyň gümrük paçlaryndan we beýleki salgytlardan soň bahasyna goşulan 40 göterim töweregi girdejisi bilen satylýar)

San taýdan iň köp sagat eksport ediji bolan Hytaý 2023-nji ýylda 534,4 million gol sagat sagat eksport etdi. Eksport girdejisi bary-ýogy 5 milliard dollara ýetmeýän Hytaýyň daşary bazara satuwa çykaran sagatlarynyň biriniň bahasy 9 dollara golaýdyr.

Ответить