Türkiýe syýahatçylyk pudagyndan rekord derejede girdeji aldy

Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkiýe syýahatçylykdan 23,7 milliard dollar gazandy. Munuň özi bolsa bu ugurda rekord görkeziji bolup durýar. Bu barada www.yeniazerbaycan.com elektron gazeti Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoýyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Ol: «Syýahatçylyk möwsümi ýylyň üçünji we dördünji çärýeginde-de dowam eder. Ýylyň ahyryna çenli syýahatçylyk maksadymyz 60 milliard dollar. Häzirki görkezijiler biziň maksadymyza laýyk gelýär» – diýip belledi.  

Ministriň sözlerine görä, bu döwürde ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,9 göterim artyp, 26 million 137 müňe ýetdi. Bu sanawda Russiýa 2,7 million syýahatçysy bilen birinji orunda durýar. Ikinji we üçünji orunlary bolsa Germaniýa (2,5 million syýahatçy) bilen Beýik Britaniýa (1.8 million syýahatçy) eýeleýär.

Mehmet Nury Ersoý şu ýylyň iýun aýynda Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynyň ösüş depgininiň haýallandygyny bellemeklik bilen, bu ýagdaýyň tomusda dowam etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty we Fransiýa-2024 tomusky Olimpiýa oýunlary Türkiýede syýahatçylaryň sanynyň azalmagyna sebäp boldy. Ýöne, muňa garamazdan, Türkiýede syýahatçylygyň ösüş depgininiň yzygiderli dowam etmekligi üçinem döwlet tarapyndan degişli çäreler görülýär. Esasanam ýurduň Egeý sebitinde syýahatçylyk möwsüminiň tutuş ýylyny öz içine almak üçin başlanan taslamanyň çäginde medeni çäreler we sport ýaryşlary geçiriler.Bu maksat bilen dünýäniň köp ýurtlaryna, esasanam Ýewropa göni halkara gatnawlary Izmir we Bodrum howa menzillerinden ýola goýlar.

Ответить