Türkiýe Yraga elektrik energiýasyny eksport edip başlady

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar öz ýurdunyň düýn gijeden bäri Yraga elektrik energiýasyny eksport edip başlandygyny aýtdy.

         «Biz düýn gije goňşymyz Yraga elektrik eksportyny täzeden başladyk, şonuň bilen birlikde «Ösüşe barýan ýol» taslamasy arkaly sebitimizdäki abadançylygy we asudalygy berkitmäge kömek ederis. Maýa goýumlarymyzyň kömegi bilen Ösüş ýoluny energiýa ýoluna öwüreris» «-diýip, Alparslon özüniň X (öňki twitter)  şahsy internet ulgamynda aýtdy.

         Türkiýe bilen Yragyň arasynda bar bolan 400 kW «Jizre-Kasek» elektrik geçirijisi Yraga 300 megawata çenli elektrik energiýasyny berýär.

Ответить