Türkiýede instagrama girmek gadagan edildi

Türkiýäniň Maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ministrliginiň karary bilen instagrama girmek petiklendi.

Şu gün – 2024-nji ýylyň 2-nji awgusty güni irden başlap Türkiýede instagrama mümkin bolmady. Bu barada «az.trend.az» elektron neşiri Türkiýäniň Maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ministrliginiň web sahypasynda çap edilen maglumata salgylanyp habar berdi.

         Gadagançylygyň näçe wagt dowam etjekdigi we munuň sebäbi barada maglumat ýok.

Ответить