Türkmen döwlet medeniýet instituty

Salgysy : Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114

Telefon belgiňiz : +(99312) 48-28-60

Türkmen Döwlet medeniýet instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Sahna sungaty we edebi döredijiligi (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny guramak we dolandyrmak); dramaturgiýa).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana-maglumat işleri; telewideniýe žurnalistikasy).
  2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taýýarlygyň ugurlary: muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; durmuş-medeni işler (höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak); art-menejment).
  3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: rejelemek işi).
  4. Kino sungaty (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyrma tehnologiýasy).
  5. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologiýa; resminama we arhiw öwreniş).
  6. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  •  okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Один комментарий

Ответить