Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan «Arçman» şypahanasynyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň bilimi, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy. Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
«Arçman» şypahanasynyň çägi boýunça gezelenjiň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňyn täsiriniň bardygyny belläp, lukman Arkadagymyz döwrebap seýilgähde gezelenç etmegiň saglygyň möhüm şertidigine ünsi çekdi. Bu künjekde gök zolaklaryň, döwrebap seýilgähleriň döredilmegi bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary hem-de dag howasy bilen utgaşyp, jana ýakymly howa gurşawyny emele getirýär. Munuň özi şypahanada saglygyny dikeldýänler we bejergi alýanlar üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.