«Türkmen keçesi» atly täze kitap okyjylar köpçüligine ýetirildi

«Türkmen keçesi» atly täze kitap okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky № 183 (31118)  sanynyň 4-nji sahypasyndaky «Mertebeli menzilleriň beýany» atly makalada habar berilýär.

         Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni mirasy goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty O.Hojanazarowa hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baýmyradowa tarapyndan taýýarlanan «Türkmen keçesi» atly kitapda milli keçe sungaty welaýatlar boýunça keçeleriň nagyş we tehnologiýa köpdürlüligi, gülleriniň many-mazmuny, halkymyzyň durmuşynda we ruhy dünýäsinde tutýan orny açylyp görkezilýär.

         Mälim bolşy ýaly, bu gadymy senet gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň miwesi bolup, milletimiziň döreden maddy we ruhy medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasydyr. Şoňa görä-de, bu gymmatlygy öwrenmek, ösdürmek we onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biri hasaplanýar. Türkmen, rus we iňlis dillerinde çapa taýýarlanyp, owadan suratlar bilen bezelen bu kitap giň halk köpçüligine, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bilen gyzyklanýan okyjylara niýetlenendir.

Ответить