Türkmen talyplary Hytaýda we Malaýziýada okuw-önümçilik tejribeliklerini geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar topary Hytaýda we Malaýziýada okuw-önümçilik tejribeliklerini  geçýärler. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky sanynda çap edilen «Hytaýda we Malaýziýada tejribelik geçýärler» atly makalada habar berildi. 

Ýurdumyzyň nebitgaz ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga ýöriteleşen baýry bilim ojagy bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ugurdaş halkara guramalardyr kompaniýalar bilen ylym-bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) we Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň çäginde türkmen talyplaryna agzalan ýurtlarda okuw-önümçilik tejribeliklerini geçmek üçin döredilýän şertler hem bu ugurdaky işleriň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, «CNPC-niň» we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň 16-njy awgustyndan bäri uniwersitetiň talyplar topary Pekindäki Hytaýyň Nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýär.

Dostlukly ýurduň öňdebaryjy bilim ojagynyň ýörite taýýarlan meýilnamasyna görä, türkmen talyplary Nebit uniwersiteti, onuň muzeýleri, tejribehanalary, okuw merkezleri bilen ýakyndan tanyşdylar. «CNPC» korporasiýasyna, onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň Geologiýa, Ylym we tehnika muzeýlerine, Beýik Hytaý diwaryna baryp gören ýaşlar bu düzümleriň iş aýratynlyklary, ýurtda nebitgaz pudagynyň, ylymdyr tehnikanyň ösüşi, taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin düşünje aldylar. Şonuň bilen birlikde, olar hytaý diliniň esaslary, hytaý medeniýeti boýunça, şeýle-de «Ýaşyl» energetika, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi», «Ýüpek ýoly boýunça energetiki hyzmatdaşlygyň geljegi» atly gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar.

Toparyň ýolbaşçysy hökmünde bellenen uniwersitetiň ýaş mugallymy hem, öz gezeginde, Nebit uniwersitetinde okuw-usulyýet işleriniň guralyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy, ylmy barlaglar geçirilýän tejribehanalardaky şertler, bu işe talyplary çekmek boýunça edilýän tagallalar, bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar toparynyň Pekindäki tejribeligi şu aýyň ahyryna çenli dowam eder.

Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersiteti hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň esasy hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orny eýeleýär. Tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan HNGU-nyň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça yzygiderli okuwlar guralýar. Baglaşylan Ähtnamanyň çäginde şu aýyň dowamynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si iki hepdelik önümçilik tejribeligini, üç sany mugallymy bolsa bir hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmäge mümkinçilik aldy.

Saparyň çäginde Petronas tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirildi. HNGU-nyň mugallymlary bu bilim ojagynda okuw, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde bolmagyň çäginde talyplardyr mugallymlar «PETRONAS» kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, dolandyryş edaralaryna hem baryp görerler.

Ýurdumyzyň nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdebiniň talyplarydyr mugallymlarynyň Hytaýda we Malaýziýada dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi hem-de hünär kämilleşdiriş okuwlary olaryň nazary bilimlerini öňdebaryjy tejribeler bilen baýlaşdyrmakda, hyzmatdaşlyk edilýän düzümler bilen özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Ответить