Türkmen teleýaýlymlaryny onlaýn görnüşde tomaşa edip bileris

Bilşimiz ýaly, sanly ykdysadyýetiň ösmegi netijesinde sanly hyzmatlaryň görnüşleri gün-günden artýar. Makalamyzyň bu sanynda türkmen teleýaýlymlaryny islendik ýerde islendik ykjam enjamyň we kompýuteriň kömegi bilen onlaýn görnüşde nädip görüp bolýandygy barada size gürrüň bermegi makul bildik.

Türkmen teleýaýlymlaryna onlaýn tertipde birnäçe görnüşde tomaşa edip bilersiňiz.

Onlaýn tertipde teleýaýlymlary görmek üçin ortaça tizlikli internet ýeterlidir. Elbetde, ýaýlymlara tomaşa edeniňizde mobil internet bolsa pul balansyňyzdan alynar, öý ýa-da iş interneti bolsa nyrhnamaňyzyň daşyndan artykmaç pul alynmaz.

1. “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Mobile TV” mobil goşundysy

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu hyzmat “Tmcell” ÝGPJ tarapyndan müşderilerine hödürlenýär. Hyzmatdan peýdalanmak üçin “PlayMarket” “Mobile TV” mobil goşundysyny almak ýeterli.

Çeşme : Play

Ответить