Türkmen-türk hyzmatdaşlygynda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmäge gyzyklanmalar tassyklandy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýewiň Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Ý.Serim bilen geçiren duşuşygynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, ikitaraplaýyn dialogy, şol sanda ony syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanmalary tassykladylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Halkara giňişlikde» atly rubrikanyň «Ikitaraplaýyn dialogy ilerletmek ugrunda» atly täzeliginde habar berilýär.

         Duşuşykda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň, hususan-da, konsullyk meseleleri boýunça türkmen-türk geňeşmelerini geçirmegiň, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek bilen baglylykda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

         Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri guramak hem duşuşygyň gün tertibiniň aýratyn meselesi boldy.

Ответить