Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Halkara giňişlikde» atly rubrikanyň «Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde» atly täzeliginde habar berilýär.

Şu gün öz işini tamamlaýan çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçilik, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ответить