Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda teswirnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen Seýşel Respublikasynyň Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jerwe Mumunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar syýasy we diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçiler, şeýle hem, Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri babatda özara pikir alyşdylar.

Ответить