Türkmenistan Ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyryldy

Türkmenistan 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriljek Ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyryldy. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly  Russiýa Federasiýasynyň «TASS» habarlar agentliginiň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. «TASS» habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, Russiýa Federasiýasynyň Sanly Ösüş ministri Ýuriý Gamzatow: «Hazar sebitiniň ähli döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň wekillerini çagyrdyk» – diýip bu barada beýanat beripdir.

Çärä gatnaşyjylaryň ulag, logistika, ekologiýa we syýahatçylygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdygy bellendi.

Russiýa Federasiýasynyň «TASS» habarlar agentligi Abdulmuslimowyň sözlerine salgylanyp: «Dowam edýän ösüşleriň barşynda ünsi diňe bir sebitleýin däl, eýsem halkara ähmiýeti bolan aýratyn ugurlara gönükdirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, forumyň esasy mowzugy sanlylaşdyrma arkaly «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine bagyşlanar» — diýip belläp geçýär.

Dagystanda geçirilen ilkinji Halkara Hazar Sanly Forumyna 600-den gowrak adam gatnaşdy. Üç günüň dowamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmek, sanlylaşdyrma taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmesi üçin tehnologiki we tehniki mümkinçilikleriň elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ответить