Türkmenistanda bakja ekinleriniň eksportynyň mukdary artdy

2024-nji ýylda Türkmenistanda bakja ekinleriniň eksportynyň mukdary artdy. Eksportyň esasy paýy garpyzlara we gawunlara düşýär.

Şeýlelik bilen, şu ýylyň 7 aýynda garpyz eksportynyň mukdary tutuş 2022-nji ýyldaky eksportyň umumy mukdary bilen deňeşdirilende 10 esse, gawunyň 2023-nji ýyldaky umumy eksport mukdary bilen deňeşdirilende 9 esse ýokarlandy.

         Bu ýyl türkmen garpyzlaryny esasy import ediji ýurtlar Russiýa Federasiýasy we Katardyr. Eksport edilen garpyzlaryň umumy mukdarynyň 62 göterimi Russiýa Federasiýasyna, 38 göterimi Katar döwletine iberildi.

         Gawunyň şu ýylyň 7 aýyndaky eksporty 2022-nji ýylda gawun eksportynyň umumy mukdaryndan 1,2 esse, 2023-nji ýylda 1,4 esse ýokary boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gawun eksportynyň ep-esli bölegi Russiýa geçirildi. Bu ähli eksportyň 79 göterimine deňdir. Gazagystan türkmen gawunlaryny import edýän esasy ýurtlaryň biridir.