Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamy döredilýär

Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamy döredilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.                

         Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 2024-nji ýylyň 26-nji iýulynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

         Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

         Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek hem-de gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalary hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

         Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek, düýpli abatlaýyş işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Ответить