Türkmenistanda milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek işlerinde kiçi we orta telekeçiligi goldamak göz öňünde tutulýar

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek işlerinde kiçi we orta telekeçiligi goldamak göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.

         Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 2024-nji ýylyň 26-nji iýulynda geçirilen nobatdaky mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

      Hasabatda bellenilişi ýaly, «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de «akylly» şäher, «akylly» öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi goşmaça iş orunlaryny döreder, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

         Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldap, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ответить