Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty bilen tanyş boluň!

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky sanynda çap edildi.

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty bilen tanyş boluň:

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +23… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30… +35 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16… +21 gradusdan +21… +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30… +35 gradus maýyldan +34… +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15… +20 gradusdan +19… +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29… +34 gradus maýyldan +32… +37 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14… +19 gradusdan +18… +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29… +34 gradus maýyldan +33… +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14… +19 gradusdan +18… +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28… +33 gradusdan +31… +36 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18… +20 gradusdan +22… +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +33 gradus maýyldan +36… +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Ответить