Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howamaglumaty bilen tanyş boluň!

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniňikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +25… +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38… +43 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32… +37 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22… +27 gradusdan +26… +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33… +38 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22… +27 gradusdan +25… +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +40 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +26… +31 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33… +38 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32… +37 gradusdan +37… +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24… +26 gradusdan +27… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36… +38 gradusdan +41… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Ответить